• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň saýlanylan Premýer-ministrini gutlady

    Oktýabr.22.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan, özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly iki halkyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we maksatlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Habaryň çeşmesi